Aşgabatda «Zerewşan» brendiniň doly enjamlaşdyrylan tikinçilik sehi satuwa çykaryldy. Tikinçilik sehi egin-eşikleri öndürip başlamak üçin ähli zerur zatlary öz içine alýar.
Olaryň hatarynda aşakdakylar bar:
Resmileşdirilen logotipli «Zerewşan» brendi
Hasaba alynmak üçin resminamalaryň doly toplumy
8 tikin maşyny
2 bio maşyny
2 owerlok
2 kompýuterleşdirilen keşde enjamy
2 ütük
biçim kesỳän maşyn
ilik petle edỳän maşyn
Kondisioner we sowadyjy
Önümçilik otaglary üçin mebel
Matalaryň we beýleki materiallaryň ätiýaçlyk gory
Tikinçilik sehi şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat, G. Kuliýew köç., «Begler Ýoly» binasy (podwal).
Bu tikinçilik pudagynda öz işewürligini döretmek ýa-da giňeltmek isleýän telekeçiler üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Satyn alyjy tanalýan brend bilen doly ulanylmaga taýýar önümçilik desgasyny alýar.
Baha we goşmaça satuw şertleri barada has anyk maglumatlar üçin satyjy bilen habarlaşyň.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
- telefon (+993 63) 10 66 11;
- elektron poçta: Rustamtelekechi@hotmail.com;
- sosial ulgamdaky sahypasy.