Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow Malaýziýanyň goranmak ministri Dato Seri Mohamed Haled Nordin bilen duşuşdy. Duşuşykda uly mümkinçilige eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi barada söhbet etdiler. Bu barada Kuala-Lumpurdaky türkmen diplomatik gullugy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda ilçi Malaýziýanyň Türkmenistan üçin ýakyn dost-doganlyk döwlet bolup durýandygyny, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýedigini belledi. Şeýle hem, Bitarap Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina esasynda parahatçylygy we asudalygy üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işleri amala aşyrýandygyny aýtdy.
Netijeli häsiýete eýe bolan duşuşygyň ahyrynda ilçi we Malaýziýanyň goranmak ministri iki dost-doganlyk ýurduň we sebitiň abadançylygynyň, parahatçylygynyň bähbidine däp bolan dostlukly döwletara hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.