Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň Prezidenti Yragyň ýolbaşçylaryny diplomatik gatnaşyklaryň 15 ýyllygy bilen gutlady

04:2631.07.2024
0
8640

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşide, Premýer-ministri Mohammed Şiýa Al Sudanä hem-de ýurduň ähli halkyna iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 15 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Yrak Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýandygyny hem-de ony giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini belläp, hyzmatdaşlygyň geljekde bilelikdäki tagallalaryň netijesinde, iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Abdul Latif Raşide, Premýer-ministr Mohammed Şiýa Al Sudanä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Yragyň halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň