Top.Mail.Ru

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi

04:2231.07.2024
0
8721

30-njy iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýdy kabul etdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Işjeň, netijeli ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň dowamynda umumy bähbitlere laýyk gelýän däp bolan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine eýerip, Türkmenistan Ýer ýüzüniň döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary yzygiderli giňeldýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýurduň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy nygtaldy.

"Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň BMG-niň howandarlygynda parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek baradaky başlangyçlaryny ähli tarapdan goldaýar. Biziň ýurdumyz ýaragsyzlanmagy, köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny ýaýratmazlygy, ählumumy ýadro howpsuzlygyny üpjün etmegiň tarapdary bolup çykyş edýär" diýip, türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Ýadro ýaragynyň ýaýradylmazlygy, Ýadro ýaraglarynyň synaglarynyň ählumumy gadagan edilmegi hem-de Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakynda möhüm şertnamalara gatnaşmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýändigi nygtaldy.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar meselesine degip geçmek bilen, seýsmologiýa we monitoring ugurlarynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini bellediler.

"Biz, öz gezegimizde, dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge ygrarly bolmak bilen, Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde ähli goldawy bermäge taýýardyrys" diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow duşuşygyň ahyrynda nygtady we guramanyň Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýda berk jan saglyk, işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň