Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

00:1030.07.2024
0
10792

29-njy iýulda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylarynyň ADNOC (Birleşen Arap Emirlikleri) we Hyundai Engineering Co. Ltd. (Koreýa Respublikasy) kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen nobatdaky duşuşyklary geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, ADNOC kompaniýasynyň uly wise-prezidenti jenap Abdulla Al Şamsiniň baştutanlygynda kompaniýanyň wekiliýeti bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda «Galkynyş» gaz käniniň üçünji tapgyryny özleşdirmegiň taslamasyny durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine 2022–2024-nji ýyllarda amala aşyran saparlary döwründe nebit we gaz babatda iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň berk esaslary goýuldy. Hususan-da, «Galkynyş» gaz käninde bilelikdäki işiň anyk ugurlaryny we ölçeglerini kesgitlän möhüm resminamalara gol çekildi. Häzirki döwürde gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek işjeň ýagdaýda alnyp barylýar. Taraplar «Galkynyş» känini özleşdirmegiň taslamasynyň hukuk, täjirçilik, maýa goýum, maliýe, tehniki we düzüm böleklerine jikme-jik seredýärler. Şeýle meýilnamalary durmuşa geçirmegiň «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan» (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak bilen gönüden-göni baglydygyny bellemek gerek.

Gepleşikleriň häzirki tapgyrynyň aýratynlyklarynyň biri ADNOC kompaniýasy tarapyndan Gazagystanyň nebitgaz kompaniýalary bilen bilelikde işlemäge taýýarlygyň beýan edilmegi boldy. Şonuň bilen birlikde, türkmen tarapynyň Türkmenistanyň iri möçberli halkara gaz taslamalaryny amala aşyrmaga goňşy döwletleriň ykdysady düzümleriniň gatnaşmagyny goldaýandygyny birnäçe gezek beýan edendigine üns bermek zerurdyr.

Häzirki döwürde bolsa «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylary «Hyundai Engineering Co. Ltd.» koreý kompaniýasynyň uly wise-prezidenti jenap Jung Song Ýonguň baştutanlygyndaky wekiliýeti bilen geňeşmeleriň nobatdaky tapgyryny geçirdiler. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar «Galkynyş» käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça işleriň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Şu gün «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylary Günorta Koreýanyň Hyundai Engineering Co. Ltd. kompaniýasynyň prezidenti jenap Jung Song Ýongomyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen nobatdaky gezek geňeşmeleri geçirdi. Duşuşykda taraplar häzirki gatnaşyklar we geljekde «Galkynyş» gaz käniniň 4-nji tapgyryny özleşdirmek barada özara pikir alyşdylar.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellemek bilen, wekiliýetler agzalan taslamanyň ähmiýetine ünsi çekdiler, şunda hukuk taýdan üpjünçilik we işiň guramaçylyk meseleleri wajyp orunda durýar.

Koreýaly hyzmatdaşlaryň «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmegine gatnaşmagy bilen baglanyşykly Hyundai Engineering Co. Ltd. kompaniýasy üçin açylýan mümkinçilikler, bir tarapdan, kompaniýanyň energiýa taslamalaryny durmuşa geçirmekde bar bolan giň mümkinçiliklerini ulanmaga mümkinçilik berse, beýleki tarapdan, gaz pudagyndaky ozal toplanan halkara tejribäni baýlaşdyrar.

Şeýle hem 2023-2024-nji ýyllarda döwlet derejesindäki saparlarda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň zerurdygy nygtaldy. Taraplar ozal ylalaşylan meýilnamalara laýyklykda, yzygiderli duşuşyklary dowam etmegi şertleşdiler.

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dostluk, açyklyk we netijeli ýagdaýda geçen gepleşikler dürli döwletleriň daşary ýurt kompaniýalarynyň Türkmenistanyň energetika pudagynda işlemäge ýokary derejede gyzyklanma bildirýändigini ýene bir gezek görkezdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň