Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Owaz» radioýaýlymy «Sungata sarpa» atly gepleşik arkaly ussat halypalardan söz açýan gepleşikleri taýýarlap ýaýlyma berýär. Indi gepleşikde halypa aýdymçylaryň haýsy biriniň ömür-döredijilik ýoly hakynda gürrüň berilmelidigini diňleýjiler kesgitleýär.
Sungat ýolunda mahmal owazy bilen yz galdyran halypa aýdymçylara 0502 gysga belgisine SMS arkaly ses bermek üçin degişli kod belgisini ugratmaly.
- Türkmenistanyň halk artisti Atabaý Çarygulyýewiň döredijiligine ses bermek üçin 111;
- Türkmenistanyň at gazan artisti Nurýagdy Tokgaýewiň döredijiligine ses bermek üçin 222;
- Türkmenistanyň at gazan artisti Rejep Ulugowyň döredijiligine ses bermek üçin 333.
Gepleşigiň şertlerine görä ussat aýdymçylaryň haýsysynyň adyna has köp SMS gelse, şol aýdymçynyň döredijiligi barada «Sungata sarpa» atly gepleşigiň 4-nji awgustda, sagat 12:04-de başlanjak sanynda «Owaz» radioýaýlymynda diňleýjilere ýetiriler.
Ses bermegiň netijelerini şu salgydan yzarlap bilersiňiz.