Soňky habarlar

Arhiw

Dzýudoçy Serdar Rahymow Pariždäki Olimpiýa oýunlarynda çykyşyny tamamlady

16:0428.07.2024
0
12593

Türkmenistanly dzýudoçy pälwan Serdar Rahymow Parižde dowam edýän Olimpiýa oýunlarynda ikinji tutluşygyny geçirdi.

Serdar Rahymow 1/8 finalda braziliýaly Willian Lima bilen tutluşyp, ondan 0:10 hasabynda asgyn geldi.

Şeýlelikde, W.Lima çärýek finalda tutluşar, S.Rahymow bolsa ýaryşdaky çykyşyny tamamlady.

Pariždäki ilkinji tutluşygynda Serdaryň angolaly türgen Edmilson Pedrony ýeňendigini ýatladýarys (10:1).

Olimpiýa oýunlary 11-nji awgustda tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň