Aşgabatda awgust aýynda «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka geçiriler

09:5127.07.2024
0
5394
Aşgabatda awgust aýynda «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka geçiriler
Surat: turkmenistaninfo.gov.tm

Şu ýylyň awgust aýynda Aşgabatda «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka geçiriler. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu gün, 26-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew bu halkara çärä görülýän taýýarlyk barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, sergi-ýarmarkada Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy haryt öndürijileriniň çagalar, okuwçylar we talyplar üçin harytlaryny, ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümleri, okuw esbaplaryny, elektron harytlary hödürlemek göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen birlikde, bu pudakda iş alyp barýan kompaniýalaryň tejribe alyşmagy, çagalar üçin tälim beriji ussatlyk sapaklarynyň we bäsleşikleriň guralmagy, innowasion işläp taýýarlamalar, täzelikler hem-de meşhur Modalar öýleriniň çagalar üçin täze lybaslarynyň dabaraly görkezilişini guramak meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýylyň 19-njy awgustynda Aşgabatda geçiriljek çagalar üçin halkara sergi-ýarmarka Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy haryt öndürijileriniň gatnaşmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere bu halkara çäräni guramaçylykly geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň