Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Filippinli erkek kişi 70 ýaşynda lukman boldy

16:1823.07.2024
0
7876
Filippinli erkek kişi 70 ýaşynda lukman boldy
Surat: vfokuse.mail.ru

Filippinli Toh Hong-Keng 70 ýaşynda lukmanyň diplomyny aldy. Ol 65 ýaşynda satuwlar bölüminiň başlygy wezipesinden pensiýa çykdy diýip, «South China Morning Post» neşirine salgylanýan «Mail.ru» ýazýar.

Keng Filippinleriň Sebu şäherindäki PHINMA Günorta-günbatar uniwersitetini tamamlady. Ol Gyrgyzystanda syýahat edýärkä, Hindistandan gelen lukman talyplar bilen duşuşdy we lukman bolmak kararyna geldi. Kengiň lukman bolmak islegini maşgalasy, üç ogly we iki agtygy hem goldady.

Toh Hong-Keng lukmançylyk ugrundan okamak üçin ýokary okuw mekdeplerini köp gözledi, sebäbi nirä ýüz tutsa, oňa ýaş çäklendirmeleri päsgel berýärdi. Ahyry bütin Aziýa boýunça gözlegler netijesinde Kenge Filippinleriň Sebu şäherinde 2019-njy ýylda talyplyga kabul edilmek başartdy. Şol wagt ol 66 ýaşyndady.

Toh Hong-Keng hünäri boýunça işlemekçi däldigini gürrüň berýär, sebäbi munuň üçin oňa watany Malaýziýada goşmaça güwänama almak gerek. Ol lukmançylyk önümleriniň satuwlary bilen meşgullanmakçydygyny aýdýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň