Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Arkadag» futbol toparynyň kiçi ýaşlylar topary ulularyň üstünligini gaýtalamagy maksat edinýär

17:1918.07.2024
0
9148

«Arkadag» futbol toparynyň kiçi ýaşlylar topary 2023-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri hereket edýär. Topar 2011-2012, 2013-2014, 2015 — 2017-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň we ýaşlaryň ýaş derejeleri boýunça 3 topara bölünýär. Ol toparlary birinji derejeli sport türgeni Toýly Halmyradow, AFK tarapyndan tassyklanan «C» derejeli tälimçiler Mergen Baýramow we Myratberdi Berdiýew dagy türgenleşdirýär. Bu barada Turkmenmetbugat habar berýär.

Türgenleşikler Arkadag şäherindäki 10 müň orunlyk stadionda hepdäniň ýekşenbe gününden beýleki ähli günlerinde geçirilýär. Tälimçi Mergen Baýramowyň bellemegine görä, häzirki wagta çenli ýetginjekler we çagalar topary 50-den gowrak ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdiler. Duşuşyklarda «Arkadag» futbol toparynyň ýaş zehinleri özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezip, guwandyryjy netijeleri gazandylar. Tälimçi Mergen Baýramow toparyň ýaş futbolçylarynyň içinde türkmen sportunyň abraýyny mynasyp gorajak, halkara derejede çykyş etjek zehinleriň bardygyny buýsanç bilen belleýär.

Toparyň ýaş oýunçylarynyň ählisi hem türgenleşiklere, duşuşyklara tutanýerlilik bilen çemeleşýär. Ýoldaşlyk, türgenleşik duşuşyklary toparyň düzümini seljermäge, oýunçylaryň netijeliligine görä, meýdançada orun bermäge, zerur bolsa, her bir türgen bilen ýörite işleri geçirmäge mümkinçilik berýär. Mergen Baýramowyň aýtmagyna görä, türgenleşikler ýaş aýratynlyklary boýunça bellenilen tertip-düzgünde geçirilýär. Kiçi ýaşly futbolçylaryň türgenleşikleri uly topara görä tapawutly bolýar. Çagalaryň topar derejesinde futbol bilen meşgullanyp başlan ilkinji günlerinden seljerme işleri hem başlanýar. Bu işlerde her bir çaganyň ukyp-başarnyklary, tizligi, boýy, agramy we beýleki aýratynlyklary göz öňünde tutulýar. Şonuň esasynda bolsa, toparyň esasy we goşmaça düzümi tassyklanyp, duşuşyklara taýýarlyk işleri badalga alýar.

Esasy toparyň gazanýan üstünlikleri ikinji topar üçin has netijeli türgenleşmäge, ýeňiş gazanmaga itergi berýän güýç we ylham çeşmesi bolup durýar. Ýaş türgenler «Arkadag» futbol toparynyň esasy düzüminiň resmi duşuşyklaryna we okuw türgenleşiklerine uly höwes bilen tomaşa edýärler. Tälimçiler bolsa duşuşygyň geçip duran pursatlarynda ýaş türgenlere oýnuň geçişi, hüjümleriň guralyşy, goranyş aýratynlyklary barada özleriniň degerli maslahatlaryny berýärler. Şeýle-de toparyň uly ýaşlylarynyň tälimçileri Didar Hajyýew, Daýanç Garajaýew, Hojagulygurban Öwezow we türgenleri çagalar toparynyň türgenleşiklerine gatnaşyp, hemmetaraplaýyn goldaw bermek bilen, olaryň futbola bolan söýgüsini has-da artdyrýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň