Top.Mail.Ru

«Çalsana, bagşy!» atly telebäsleşigiň Mary welaýat tapgyry geçirildi

14:5211.07.2024
0
8860

Mary şäherindäki Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde höwesjeň bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» atly telebäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa deslapky tapgyrlarda öňe saýlanan 10 sazanda, 10 sany hem bagşy gatnaşdy.

«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, bäsleşikde, ilki bilen, sazandalar çykyş etdiler. Olar halk we mukamçy kompozitorlaryň döreden sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Bagşylar türkmen halk aýdymlaryny we dessanlardan aýdymlary aýtdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, bäsleşikde sazandalardan Mary etrap «Kelteler» oba medeniýet öýüniň akkompaniatory Söhbet Çopanow «Durdy bagşy», Mary etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň dutar mugallymy Maýa Berdiýewa «Natuwan eýlär» türkmen halk sazlaryny çalyp, bagşylardan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Kerim Pirnepesow «Gelmez Leýli», Ýolöten etrap medeniýet bölüminiň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Maksat Gurbanow «Uýat eýleýir» atly türkmen halk aýdymlaryny ýerine ýetirip, ýeňiji bolmagy başardylar.

Ýeňijiler bäsleşigiň ýurt derejesindäki tapgyrynda çykyş ederler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň