Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türki dilli ýurtlar üçin umumy elipbiýi döretmek teklip edilýär

14:4010.07.2024
0
7811

Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidan Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde Türki döwletleri guramasynyň (TDG) sammitinde çykyş edip, türki dilli ýurtlaryň arasynda umumy elipbiýi döretmäge çagyrdy. Bu barada daryo.uz ýazýar.

Türk diplomatiýasynyň başlygy Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň eýýäm latyn elipbiýine geçendigini, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň bolsa kiril elipbiýini ulanmagyny dowam etdirýändigini aýtdy. Fidan bu başlangyjyň durmuşa geçirilmegini ýeňilleşdirjek TDG-de has güýçli gurluşy döretmäge çagyrdy.

Şeýle hem dünýädäki türki medeniýeti we şahsyýetleri goldamagyň möhümdigini belläp, gurama gatnaşyjy ýurtlardan daşarda ýaşaýan watandaşlary TDG gün tertibine goşmaga çagyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň