Turkmenportal logo
10.07.24
1473514735
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Amerikanyň kubogy ― 2024: Argentina Messiniň goly bilen finala çykdy

Argentinanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Amerikanyň kubogynyň ýarymfinal duşuşygynda Kanadadan üstün çykdy. Ist-Raterford şäherinde geçirilen duşuşyk Messi we ýoldaşlarynyň 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.


Duşuşykda hasaby ilkinji bolup, 22-nji minutda Angliýanyň «Mançester Sitisiniň» hüjümçisi Huan Alwares açdy. 51-nji minutda bolsa Argentinanyň ýygyndysynyň kapitany Lionel Messi hasaby 2:0-a çykardy.


Indi argentinaly futbolçylar Urugwaý ― Kolumbiýa duşuşygynyň ýeňijisi bilen final duşuşygyny geçirer. Iki ýygyndy 11-nji iýulda duşuşar.


Final duşuşygy bolsa 15-nji iýul gijesinde Florida ştatynyň Maýami-Gardense şäherinde geçiriler. Şol gün Şarlotta şäherinde üçünji orun ugrundaky duşuşyk bolar.