Türkmen gazynyň Türkiýäniň üsti bilen iberilmegi Ýewropanyň energiýa howpsuzlygyna goşant goşar

17:2108.07.2024
0
20520

Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýilmaz türkmen gazynyň Türkiýäniň üsti bilen iberilmeginiň ýurduň milli abadançylygyna we Ýewropanyň energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigini belledi. Ol bu pikirini Azerbaýjanda geçirilen Türki döwletleriň guramasynyň resmi däl sammitinde mälim etdi. Bu barada HHM habar berýär.

Jewdet Ýilmaz Türkiýäniň TDG-niň çäginde energiýa mehanizminiň emele gelmegine oňyn baha berýändigini we bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek isleýändigini nygtady. Şeýle-de dünýäniň energetika merkezlerinde bolup geçýän üýtgeşmelere we türki döwletleriň geografik ýerleşişiniň barha ähmiýetiniň artýandygyna ünsi çekdi.

Türkiýäniň wise-prezidentiniň aýtmagyna görä, bu şertler sebitde energetika pudagynda hyzmatdaşlygynyň täze geljegini açýar hem-de Ýewropanyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm orun tutýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň