Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ärdogan Pezeşkiýan saýlawlarda üstün çykandan soňra Eýran bilen gatnaşyklaryň işjeňleşmegine garaşýar

14:1908.07.2024
0
7352
Ärdogan Pezeşkiýan saýlawlarda üstün çykandan soňra Eýran bilen gatnaşyklaryň işjeňleşmegine garaşýar
Surat: report.az

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Masud Pezeşkiýan saýlawlarda ýeňiş gazanandan soňra Eýran bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine garaşýar. Bu barada «Anadolu» habarlar gullugy habar berdi diýip, «Report.az» ýazýar.

«Masud Pezeşkiýan aslynda azerbaýjan gelip çykyşly türk. Töwrizde ol türkçe gürleýär, haçan-da kürt sebitlerine baranda, kürt dilinde gürleşmegi başarýar. Ol şeýle hem parsçany oňat bilýär. Türkiýe bilen Eýranyň gatnaşyklarynyň geljekde gowulaşjakdygyna umyt edýäris.

Galyberse-de, Eýran Türkiýäniň sebitde iň gowy gatnaşyklary bolan ýurtdur. Eýran bizi taryhy we medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýan möhüm goňşudyr. Men täze tapgyrda Türkiýe bilen Eýranyň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň oňyn hem-de çalt depginde ösjekdigine garaşýaryn» diýip, Ärdogan belledi.

Eýranda döwlet Baştutany Ebrahim Raisi dikuçar heläkçiliginde gurban bolandan soňra 5-nji iýulda möhletinden öňki Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçdi. Saýlawlarda reformaçylardan bolan dalaşgär, öňki saglygy goraýyş ministri Masud Pezeşkiýan sesleriň 53,6 göterimini gazanyp, ýeňiji boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň