Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly suwda ýüzüjiler Gruziýada okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýärler

18:3102.07.2024
0
7795

Türkmenistanyň suwda ýüzmek boýunça ýygyndy topary Gruziýanyň Batumi şäherindäki Gara deňziň kenarynda ýerleşýän sport bazasynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýärler. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr neşiri habar berdi.

Milli ýygyndy toparyň uly tälimçisi Dmitriý Nowikowyň hem-de sportuň suwda ýüzmek görnüşleri boýunça sport mekdebiniň tälimçisi Mark Pilýuginiň ýolbaşçylygynda 12 türgen 10-njy iýula çenli halkara ýaryşlaryna taýýarlanýar.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň habar berşi ýaly, Gruziýada geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna ýurdumyzyň gyzlar ýygyndy toparyna Eneş, Ejeş we Aýnur Pirimowalar, Anastasiýa Morginştern, Ogulmerjen Nuraýewa we Aýnur Merdanowa, erkekler ýygyndy toparyna Dawid Akopýan, Musa Jalaýew, Seýran Nurmyradow, Muhammetmyrat Gutlyýew, Alan Muhin we Gurban Hommadow gatnaşýarlar.

Ýygyndy toparymyzyň tälimçileri türkmen ýüzüjileriniň gündelik türgenleşigi halkara ýaryşlaryna gowy taýýarlanmagyna mümkinçilik berer diýip umyt bildirýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň