21-nji iýunda Hanoýda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň (oturýan ýeri Pekin ş.) Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti To Lama ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, ilçi söhbetdeşligiň başynda Wýetnamyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamlaryny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem türkmen tarapynyň Türkmenistan bilen Wýetnamyň arasynda dürli ugurlar boýunça dostlukly gatnaşyklary giňeltmäge çalyşýandygyny tassyklady.
Duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan türkmen-wýetnam gatnaşyklarynyň gün tertibinde özara pikir alyşyldy.