Soňky habarlar

Arhiw

«Zyýat Hiliň» süýji tortlary: özüňize hakyky baýramçylyk sowgat ediň

11:0522.06.2024
0
15175

Doglan gün üçin iň amatly torty gözleýärsiňizmi? «Zyýat Hil» konditer dükanlaryna geliň. Bu ýerde diňe bir dizaýny bilen haýran galdyrman, eýsem, tagamy bilen hem özüne çekýän ajaýyp konditer önümlerini sargyt edip bilersiňiz.

«Zyýat Hil» konditer dükanlary tortuň içindäki önümleri saýlamakdan başlap, onuň daşky görnüşine çenli müşderileriň isleglerini göz öňünde tutar. Tortlary taýýarlamak üçin diňe täze we ýokary hilli önümler ulanylýar.

«Zyýat Hiliň» işgärleri tortuňyzy siziň üçin amatly wagtda Aşgabadyň we Gökdepe etrabynyň islendik ýerine eltip berer.

Garadaşaýak ýaşaýyş toplumyndaky «Seýran» söwda merkezinde ýerleşýän konditer dükanynda aksiýanyň hereket edýändigini bellemek gerek – doglan güni ýekşenbe gününe düşýän her bir adam üçin tortlarda 50% arzanladyş berilýär.

«Zyýat Hilde» nusgawy görnüşlerden başlap, özboluşly dizaýnerlik çözgütlerine çenli islendik tagamly we islendik pursat üçin niýetlenen torty tapyp bilersiňiz. Tejribeli işgärler tort saýlamakda kömek etmäge we islendik soraga jogap bermäge hemişe şatdyrlar.

«Zyýat Hil» konditer dükanlarynyň salgylary:

  • Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254, habarlaşmak üçin telefonlar (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
  • Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefonlar (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
  • Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3, 1-nji gat, telefonlar (+993 12) 97 95 06 we (+993 62) 02 13 63.

Sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň