Turkmenportal logo
17.06.24
85488548
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidentini Gurban baýramy bilen gutlady
Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidentini Gurban baýramy bilen gutlady

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogandan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Gurban baýramy mynasybetli gutlag haty geldi.


Türk Lideri "Türkmenistan" gazetinde çap edilen gutlag hatynda türkmen kärdeşine ýüzlenmek bilen, hususan-da, şeýle diýýär:


"Hormatly Prezident, gadyrly doganym!


Sizi Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Beýik Biribardan bizi jebisleşdirýän bu mübärek baýramyň tutuş adamzada parahatçylyk we asudalyk getirmegini dileýärin.


Türkiýe Respublikasynyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin".