Turkmenportal logo
12.06.24
1222112221
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 22 million dollara ýetdi
Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 22 million dollara ýetdi

Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy ep-esli ýokarlandy. «Trend-iň» Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligine esaslanyp berýän habaryna görä, 2024-nji ýylyň üç aýynda Awstriýa ýurduň daşary söwda dolanyşygynda 19-njy orunda durýar.


Bu döwürde iki ýurduň arasyndaky söwdanyň mukdary 22 million dollardan gowrak boldy.


Habarda bellenilişi ýaly, bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende, takmynan, 5 esse ýokarydyr.