Turkmenportal logo
07.06.24
89228922
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BMG-niň HG-niň 2025-nji ýylda wagtlaýyn agzalary boljak ýurtlar agzaldy
 BMG-niň HG-niň 2025-nji ýylda wagtlaýyn agzalary boljak ýurtlar agzaldySurat: gazeta.ru

Daniýa, Gresiýa, Pakistan, Somali we Panama 2025-2026-njy ýyllar döwründe Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň wagtlaýyn agzalary bolarlar. Bu barada bütindünýä guramasynyň Baş Assambleýasynyň çözgüdine salgylanýan «RIA Nowosti» habar berdi.


BMG-niň HG-ine jemi 15 döwlet girýär. Her bäş ýyldan 5 sany hemişelik däl agza-ýurtlar ony terk edýär we olaryň ornuna täzeler saýlanýar.


Hemişelik däl agza bolmak üçin dalaşgär-döwlete Baş Assambleýanyň degişli ýygnagynda zalda oturanlaryň azyndan üçden ikisiniň sesini almak gerek.


Ady agzalan ýurtlar Şweýsariýanyň, Maltanyň, Ýaponiýanyň, Ekwadoryň we Mozambigiň ýerini alarlar. Bu döwletleriň hemişelik däl agza hökmündäki ygtyýarlylyk möhleti şu ýylyň 31-nji dekabrynda tamamlanar.


Bu barada «Gazeta.ru» ýazýar.