Moldowany 30-njy maý – 4-nji iýun aralygynda doly gatyşykly çabga basdy, netijede, Respublikada oba hojalyk ekinleriniň 1,8 müň gektary harap boldy. Bu barada Moldowanyň Içeri işler ministrliginiň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça baş gözegçilik edarasy habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.
Tebigy betbagtçylykdan, esasan hem, ýurduň günortasy ejir çekdi. Gagauz awtonomlygynyň Etuliýa obasynda doly hoz baglygynyň 360 gektaryny, günebakaryň 200 gektaryny we arpanyň 200 gektaryny ýok etdi.
Bessarap etrabynda uzynlygy 750 metr bolan asfalt ýol hatardan çykdy, üzümli meýdanyň 62 gektary, 448 gektar bugdaý, 111 gektar mekgejöwen, 179 gektar arpa, 7 gektar nohut we 217 gektar günebakar ekinleri zaýalandy.