Turkmenportal logo
05.06.24
77827782
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ärdogan türkmen gazynyň Ýewropa Bileleşigine eltiljek möhleti barada gürrüň berdi
Ärdogan türkmen gazynyň Ýewropa Bileleşigine eltiljek möhleti barada gürrüň berdi

Türkmenistandan tebigy gaz Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna hökman eltiler, bu diňe wagtyň meselesi. Bu barada Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan «TRT Haber» teleýaýlymynda habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.


«Türkmen gazynyň Türkiýä, onuň üsti bilen Ýewropa eltilip başlanmagy diňe wagtyň meselesi. Özem munuň sebäbi biziň bilelikdäki tagallalarymyzdyr» diýip, Ärdogan nygtady.


Türk teleýaýlymynyň žurnalistleri orta möhletleýin geljekde Ýewropanyň gaz bazarynda Russiýanyň ýene bir bäsdeşiniň dörejekdigini bellediler diýlip, habarda aýdylýar.