Turkmenportal logo
31.05.24
1084010840
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli konsert guralar
Aşgabatda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli konsert guralar

Aşgabat şäherindäki «Türkmenbaşynyň Ertekiler dünýäsi» dynç alyş seýilgähinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli konsert guralar. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazet habar berdi.


Çeşmäniň bellemegine görä, konsertde Aşgabat şäheriniň 2-nji sazçylyk mekdebiniň hem-de Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Medeniýet öýüniň çagalar döredijilik toparlary çykyş ederler.


Konsertden soňra asylly däbe eýerilip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler Partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti we Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkimligi tarapyndan çagalar toparlary üçin täzelenen dynç alyş seýilgähinde gezelenç guralar. Onuň dowamynda körpeler karusellere münüp göwünlerini açmaga, dürli görnüşli, süýjüliklerden datmaga mümkinçilik alarlar.