Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan AFK-nyň klublaýyn reýtinginde 19-njy orny eýeleýär

12:1828.05.2024
0
17753

Aziýa Futbol konfederasiýasy 2023/2024-nji ýyllaryň möwsüminiň jemleri boýunça ýurtlaryň täzelenen klublaýyn reýtingini yglan etdi. Bu sanawda Türkmenistan 20,2 utuk bilen AFK-nyň 47 agzasynyň arasynda 19-njy orny eýeledi.

Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda Gyrgyzystandan (27-nji orun, 15,5 utuk) ýokarda, Täjigistandan (18-nji orun, 22,5 utuk) we Özbegistandan (9-njy orun, 47,3 utuk) bolsa aşakda ýerleşipdir.

Sanawy iň ýokary basgançagyna Saud Arabystany (103,1 utuk), ikinji orna bolsa Ýaponiýa (97 utuk) ornaşypdyr. Koreýa Respublikasy bolsa 93,6 utuk bilen güýçli üçlügi jemleýär.

2024/2025-nji ýyllaryň möwsüminden başlap, AFK-nyň guramagyndaky klublaryň arasyndaky ýaryşlar üýtgedilip, olar: Elita çempionlar ligasy, Çempionlar ligasy 2 hem-de Çagyryş ligasy diýlip atlandyrylar.

Klublaýyn reýtingde 19-njy ýeri eýelän Türkmenistandan yklym derejesindäki ýaryşlara 2 topar gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň