«KIBERone» halkara programmirleme mekdebi we «AMAKids» intellekt akademiýasy tomusky ýazylyşygy yglan edýär we saýlanan islendik okuwlara 20% arzanladyş hödürleýär. Teklip çagalar, ýetginjekler we ulular üçin hereket edýär.
«KIBERone-dan» okuwlar:
• HTML/CSS web işläp düzmegiň esaslary
• Programmirlemegiň esaslary: MinecraftEdu, Scratch, Piktomir
• JavaScript
• Python
• Google Blockly, Google Services, Google Sketchup, Kodu Game Lab
• C++
«KIBERone» bilen isleg bildirýän programmirleme başarnyklaryny öwrenersiňiz, häzirki zaman tehnologiýalarynyň ezber ulanyjylary bolarsyňyz, logiki pikirlenişi we döredijiligi ösdürersiňiz.
«AMAkids-den» okuwlar:
• Mental arifmetika (1-nji, 2-nji, 3-nji, 4-nji, 5-nji derejeler).
Çagaňyzyň bilimleri çalt we aňsat özleşdirmegini, logiki we döredijilikli pikirlenmegini hem-de ajaýyp ýatkeşlige eýe bolmagyny isleýärsiňizmi? Mental arifmetika beýniniň iki ýarym şaryny ösdürmek, döredijilikli pikirlenişi we seljeriş ukyplaryny türgenleşdirmek üçin özboluşly usul bolmak bilen, döredijilikli başlangyçlara höweslendirýär we meseläni çözmek başarnyklaryny ösdürýär, ýatkeşligi we ünslüligi güýçlendirýär.
• Iňlis dili:
- 5 – 12 ýaş aralygyndaky çagalar üçin – «Cambridge Super minds 1.2.3.4.5-iň» «Super minds» maksatnamasy esasynda;
- 12 ýaşdan çagalar we ulular üçin:
Beginner
Elementary
Pre-Intermediate
Intermediate
Upper-Intermediate
• Mekdebe taýýarlyk: 4 ýaşdan çagalaryň mekdep bilimine düýpli taýýarlanmagy.
«KIBERone» we «AMAkids» merkezlerinde ulanylýan innowasion okuw usullary öwrenmegi gyzykly we netijeli işe öwürýär.
«KIBERone-da» nazaryýet bary-ýogy 20% wagty alýar, wagtyň galan 80%-i bolsa öwrenmegi mümkin boldugyça täsirli edýän gyzykly amaly maşklara bagyşlanýar. «KIBERone» BMG we ÝUNESKO tarapyndan çagalar üçin sanly tehnologiýalar boýunça dünýäde iň gowy taslama hökmünde ykrar edildi hem-de «Microsoft» korporasiýasynyň hünär derejesine eýedir.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
• salgysy: A.Nyýazow köç., TSTB, 5-nji gat;
• telefonlar: (+993 63) 63 91 92, (+993 62) 20 64 19, (+993 62) 52 56 38;
• sosial ulgamdaky sahypasy.