Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýda 127 milliondan gowrak adama suw süýşgünleri howp salýar

10:5122.04.2024
0
7697
Hytaýda 127 milliondan gowrak adama suw süýşgünleri howp salýar
Surat: report.az

Hytaýyň günortasyndaky Guandun ülkesinde ulu derýalaryň suwunyň artmagy giň möçberli süýşgünlere getirip biler. Ol 127 million adama howp salýar diýip, «The Guardian» neşirine salgylanýan «Interfax.ru» habar berdi.

Ýurduň howa maglumaty boýunça hünärmenleri ülkede Siszýan we Beýszýan derýalarynyň suwunyň derejesiniň howply derejä golaýlaýandygyny duýdurdylar. Özem sebitde şeýle bol suwlulyk seýrek bolýar diýlip, habarda bellenýär.

Soňky günlerde ülkede yzyny üzmän çabga ýagýar. Ýerli häkimiýetlere tebigy betbagtlyga taýýarlyk görmek, gurluşyk serişdelerini, adamlary ýerleşdirmek üçin merkezleridir içimlik suwuny taýýarlamak tabşyryldy.

Habarda Guandun ülkesiniň Sinýuan diýen şäherinden 20 müň adamyň göçürilendigi, Çžaosinde elektrik energiýasy üpjünçiliginde bökdençlikleriň bardygy bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň