Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ankarada Türkmenistanyň Prezidentiniň türk dilinde neşir edilen «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

11:3918.04.2024
0
12100

17-nji aprelde Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň köşkler toplumynda ýerleşýän Prezident kitaphanasynda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasynyň Türki dünýäsiniň binagärler we inženerler bileleşigi bilen bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türk dilinde neşir edilen «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Tanyşdyrylyş dabarasyna daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, Türkiýäniň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň, medeni we ylmy jemgyýetçiligiň, türkmen diasporasynyň wekilleri, talyp ýaşlar hem-de KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaranyň başynda gatnaşyjylara ýurdumyzda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýilip yglan edilmegi bilen baglylykda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini, türkmen halkynyň baý we şöhratly taryhyny, özboluşly medeniýetini şöhlelendirýän ýörite taýýarlanan wideo şekiller görkezildi.

Dabaranyň dowamynda çykyş edenler Döwlet Baştutanynyň öz kitabynda Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň esasy ugurlary, şunuň bilen baglylykda öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň möhüm tapgyrlary we toplanan tejribe dogrusynda gürrüň berýändigini bellediler. Şeýle-de çykyşlarda bu neşiriň Türkmenistanyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň işiniň has-da ösdürilmegine we kämilleşdirilmegine, şeýle hem ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge ýardam berjek gymmatly çeşme bolup çykyş edýändigi aýratyn nygtaldy.

Bellenilşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň türk diline terjime edilen we türkmen ýaşlarynyň durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky üstünliklerine bagyşlanan, şeýle-de ýaşlaryň ýurdumyzyň abraýyny has-da belende galdyrjak oglan-gyzlar boljakdyklaryna umyt baglaýan eser şu günki we geljekki nesiller üçin ýol görkeziji ýan kitabyna öwrüler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň türk dilindäki neşiri Türkiýäniň döredijilik we ylmy jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi.

Çäräniň ahyrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň köşkler toplumynda ýerleşýän Prezident kitaphanasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türk dilinde neşir edilen «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň nusgalary sowgat berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň