Turkmenportal logo
18.04.24
1600816008
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hindistan ilat sany boýunça dünýäde birinji orna çykdy
Hindistan ilat sany boýunça dünýäde birinji orna çykdy

Hindistan ilat sany boýunça dünýäde birinji orna çykdy, häzir ol ýerde 1,44 milliard adam ýaşaýar. Ikinji orunda 1,425 mlrd adam bilen Hytaý ýerleşdi diýip, BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) nutugynda aýdylýar. Bu barada «Rambler.ru» ýazýar.


Gazna hindi ilatynyň artmagyny ýurtda sosial-ykdysady ýagdaýyň gowulanmagy we ene ölüminiň derejesiniň peselmegi bilen baglaýar.


Birleşen Milletler Guramasynyň çaklama bahalandyrmalaryna görä, Hytaýyň ilaty 2022-nji ýyldan bäri azalýar.


Bilermenler Hytaýyň ilaty şu asyryň ahyryna çenli 1 milliard adamdan hem azalyp biler, Hindistanyň ilaty bolsa, öňdäki onýyllyklaryň dowamynda artmagyny dowam eder diýip, çaklaýarlar.