Türkmenistanda ilkinji gezek Promt-inžiniring boýunça okuwlar açylýar

11:2316.04.2024
0
13556

29-njy aprelde Aşgabatda ilkinji gezek «Promt-inžiniring sungaty» atly özboluşly okuw geçirilip başlanar. Generatiw neýroulgamlaryň täsin dünýäsine aralaşmak tejribeli IT hünärmenler bilen birlikde, bu ugry täze öwrenip başlanlar üçin hem örän gyzykly bolar.

Prompt Engineering — tekstleri, şekilleri, aýdym-sazlary hem-de başga-da köp sanly zatlary döretmek üçin tekst ýüztutmalaryny (promtlar) peýdalanýan emeli aň pudagyndaky täze, tiz ösýän ugurdyr.

Bu innowasion çemeleşme mobil goşundylary işläp düzmekden başlap, maşyn öwrenilişiniň we tebigy dili gaýtadan işlemegiň çylşyrymly meselelerini çözmäge çenli dürli pudaklarda ulanylýar. Amaly okuwlar öwrenijilere bu täze ugry özleşdirmäge hem-de tekstleri, kodlary, ssenarileri, aýdym-sazlary, şekilleri we köp sanly beýleki şu hili zatlary döretmekde hünärmen bolmaga ýardam eder.

Okuw «HP Inc.» kompaniýasynyň tassyklanan hünärli promt-inženeri Rustam Guseýnowyň awtorlyk meýilnamasyna laýyklykda geçiriler. Şeýle hem ol geçilýän sapaklarda tälimçi bolar.

Okuw 3 aýa niýetlenip, bilelikdäki formatda geçiriler: teoriýa, tejribe we öýe berlen ýumuşlary ýerine ýetirmek.

Diňleýjiler şulary öwrenerler:

- generatiw neýroulgamlaryň modelleriniň işleýiş ýörelgelerine düşünmek;
- Promt-inžiniringiň dürli hili tehnikalaryndan we gurallaryndan baş çykarmak;
- tekstleriň dürli görnüşlerini döretmek;
- NLP meselelerini çözmek (klassifikasiýa, maglumat çykarmak, maşyn terjimesi);
- generatiw goşundylary işläp düzmek.

Okuwda alnan bilimler öwrenijlere degişli mowzuk boýunça öz taslamasyny taýýarlamaga we tanyşdyrmaga mümkinçilik berer. Okuw tamamlanandan soň, gatnaşyjylar «HP Inc.» kompaniýasynyň şahadatnamasyny alarlar.

Bu okuw kimler üçin amatly:

• emeli aň, maşyn öwrenilişi we NLP boýunça hünärmenler;
• taslamalarynda generatiw modelleri ulanmak isleýän işläp düzüjiler;
• promt-inžiniring we onuň mümkinçilikleri barada has köp zatlary öwrenmek isleýän islendik adam üçin;
• marketologlar;
• kopiraýterler;
• SMM;
• PR menejerler.

«Promt-inžiniring sungaty» okuwyna ýazylmak bilen, generatiw neýroulgamlar pudagynda isleg bildirilýän hünärmen boluň.

Geçirilýän ýeri: «Joşgun» söwda merkezi

Geçirilýän wagty: sagat 18:30 — 20:00

Okuwyň başlanýan senesi: 29-njy aprel.

Has giňişleýin maglumatlary şu telefon belgileri arkaly alyp bilersiňiz: (+993 71) 51 84 39, (+993 63) 02 68 49.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň