Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti täze oba hojalyk düzümleriniň orunbasarlaryny wezipä belledi

05:1716.04.2024
0
12044

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararlary bilen, Kakageldi Rejepbaýewiç Haýtekow hem-de Yslam Işanberdiýewiç Nursahatow Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipelerine bellenildi. Şeýle-de degişli Karar bilen, Muhammetberdi Şadurdyýewiç Öwezmyradow Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.

Döwlet Baştutany degişli resminamalara şu gün --- 15-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň barşynda gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň