«Bagtyýar» paromy Türkmenistandan Russiýa üsti ýükli awtoulaglary eltdi

16:3015.04.2024
0
22428

2024-nji ýylyň 10-njy aprelinde «Deňiz söwda floty» paýdarlar jemgyýetine degişli bolan «Bagtyýar» Ro-Pax kysymly paromy şu ýylky Türkmenbaşy portundan Olýa portuna ilkinji saparyny üstünlikli amala aşyrdy. Paroma azyk önümleri bilen doldurylan tirkegli 40 sany ýük awtoulagy ýüklenendir diýlip, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu gatnaw Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ädimdir. «Deňiz söwda floty» paýdarlar jemgyýetiniň gämileri çalt zaýalanýan harytlary barmaly ýerine gysga wagtynyň dowamynda eltip bermek mümkinçiligine eýedir. «Bagtyýar» paromy ýüküň howpsuzlygyny kepillendirýän häzirki zaman howpsuzlyk we nawigasiýa ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.

Beýleki ulag görnüşleri bilen deňeşdirilende, parom hyzmaty harytlaryň eltip berme wagtyny azaldyp biler. Harytlary parom bilen daşamak howa gatnawy bilen deňeşdirilende has tygşytly usuldyr diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň