Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýada gürleşmek we saz diňlemek gadagan edilýän kafe açyldy

11:4713.04.2024
0
14551
Ýaponiýada gürleşmek we saz diňlemek gadagan edilýän kafe açyldy
Surat: gazeta.ru

Ýaponiýada müşderilere gürleşmek we saz diňlemek gadagan edilýän kafe açyldy diýip, «Sora News» neşirine salgylanýan «Mail.ru» ýazýar.

Ýagny ýurduň Osaka şäherinde açylan garbanyşhanada birbada 16 müşderi naharlanyp bilýär. Onda esasy talap, müşderiler bir-biri bilen gürleşmeli we aýdym-saz diňlemeli däldir.

Garbanyşhananyň eýeleri munuň adamlaryň öz pikirlerine we daşky seslere ünsüni jemlemegi üçin edilýändigini aýdýarlar.

Galyberse-de, kafeniň işgärleriniň köpüsiniň eşidişi pes bolup, ähli sargytlary ýörite elektron görnüşde edip bolýar, şeýle-de kagyza iýip-içmek isleýän naharlaryň atlaryny ýazmaly ýa-da üm bilen düşündirmelidir. Aşhananyň işgärleri bilen üm arkaly düşünişmek üçin bu ýerde ýörite tölegli okuw hem bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň