Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Gumdagnebit» nebit-gaz çykaryş müdirligi tarapyndan 185 müň tonna golaý nebit çykaryldy

10:5813.04.2024
0
10039

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatyndaky uglewodorod çig mallaryna baý ýataklarynda iş alyp barýan «Gumdagnebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginde 2024-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda nebit berýän guýulardan çykarylyp, döwlete tabşyrylan «gara altynyň» umumy möçberi 184,4 müň tonna golaýlady. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu görkeziji bellenilen üç aýlyk meýilnamanyň 134,4 göterimden geçirilip berjaý edilendigini görkezýär. Ýeri gelende aýtsak, tutuş konsernde çykarylýan «gara altynyň» umumy möçberi boýunça üçünji ýerde durýan müdirlik geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depginini 132,5 göterime çenli ýokarlandyrdy.

Kuwwatly desgalardyr enjamlara başarjaň erk edýän müdirligiň hünärmenleriniň irginsiz tagallasy bilen täze açylan we öňden önüm berýän guýulara tehniki hyzmat öz wagtynda hem-de döwrebap ýola goýulýar diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň