Top.Mail.Ru

Türkmenistana Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça syýahatçylyk otlusy geldi

15:0109.04.2024
1
22351

Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça hereket edýän syýahatçylyk otlusy Farap barlag nokadynyň üsti bilen Türkmenistana gadam basyp, Aşgabat şäherine geldi.

Syýahatçylaryň arasynda Russiýa, Italiýa, Beýik Britaniýa ýaly 9 döwlete wekilçilik edýän 39 adam bar. Gazagystandan ýola düşen otly Özbegistanyň hem birnäçe şäherine bardy. 10-njy aprele çenli jahankeşdeler Türkmenistanyň gadymy taryhy, baý medeniýeti we özboluşly däpleri bilen tanyşarlar.

Otlynyň Türkmenistandaky duralgalary Mary, Aşgabat we Daşoguz şäherleri bolar. Syýahatçylar şeýle hem Içoguz demir ýol menziline baryp görerler we bu ýerde ýurduň täsin tebigy gözel ýerleri, şol sanda tebigy gaz krateri bilen tanşyp bilerler.

Aşgabatda maksatnama Merkezi Aziýanyň iň uly metjidi bolan Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine baryp görmek bilen başlar. Soňra jahankeşdeler Döwlet sirkine baryp, şol ýerde dünýä belli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa ederler.

Şeýle hem meýilnamalarda Garaşsyzlyk we Bitaraplyk binalaryna, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 10 ýyllygy» seýilgähine, «Bagt köşgi» dabaralar merkezine we Türkmen halysyn milli muzeýine gezelençler göz öňünde tutulan.

Syýahatçylyk otlusynyň Türkmenistandaky hereketi Daşoguzda tamamlanyp, otly bu ýerden ýene-de Özbegistana geçer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň