Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Italiýadaky Alikudi adasynyň häkimi geçileri mugt paýlaýar

10:3509.04.2024
0
10015
Italiýadaky Alikudi adasynyň häkimi geçileri mugt paýlaýar
Surat: vfokuse.mail.ru

Italiýanyň Tirren adasynda ýerleşýän Alikudi adasynyň we şäheriniň häkimi Rikkardo Gullo geçileri eger meýil bildirýän bar bolsa, adadan mugt alyp gitmäge rugsat berdi. Bu tutum golaýda Eoliý adalarynyň arasynda iň kiçijik Alikudida (çägi 5 inedördül kilometr) geçirilen ilat ýazuwyndan soňra «Öz geçiňi al» diýen at bilen geçirilýär. Esasy şert, isleg bildirýän geçileri öz eli bilen tutmaly diýip, «The Guardian» neşirine salgylanýan «Mail.ru» ýazýar.

Ilat ýazuwynyň netijeleri boýunça adada her 100 adama alty 600 geçiniň düşýändigi belli boldy.

Eger kimiň geçi edinesi gelýän bolsa, munuň üçin adanyň hökümetine elektron poçta boýunça arza ýollap, 17 dollar töleg geçirmeli.

Häkimiň pikirine görä, geçileri «ogullyga almak» maksatnamasy adanyň ilatynyň çakdanaşa artmagynyň öňüni almakda iň oňat çözgütdir. Ol eýýäm arzalaryň gelip gowuşýandygyny sözüniň üstüne goşdy, olar, esasan, Wulkano adasynyň peýnir önümçiligi bilen meşgullanýan fermerleridir.

Adada ilkinji geçiler mundan 20 ýyla golaý wagt öň peýda boldy, olary ýerli fermer getirdi. Emma ol batansoň, geçilerini ekläp bilmedi. Netijede, geçiler adada erkin ygyp, halys ýabanylaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň