Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ilçihanasy Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Moskwada konsert gurady.

17:4408.04.2024
0
13535

7-nji aprelde Russiýanyň «Zurab Sereteli sungat galereýasy» Çeperçilik akademiýasynyň Muzeý-sergi toplumynyň konsert zalynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen dabaraly konsert geçirildi. Ony Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy we Moskwanyň Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» halkara sungat festiwaly bilelikde gurady diýlip, ilçihana tarapyndan habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, konsertiň öňüsyrasynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi E.Aýdogdyýew beýik söz ussady, türkmen şygyr äleminiň nusgawy şahyry, pelsepeçi we gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň Türkmenistan uly dabaralara beslenip belenilýändigi hem-de bu şanly sene mynasybetli ýurduň Mejlisiniň ýörite Karary bilen 2024-nji ýylyň Türkmenistanda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylandygy barada belläp geçdi.

Türkmenistanyň we Russiýanyň medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlary bilen geçirlen dabaraly konserte RF-daky diplomatik korpusyň, Russiýanyň medeniýet işgärleriniň, döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyň birnäçesiň, bu ýurdyň dürli okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Konsertde N.Halmämmedow, D.Öwezow, A.Pahmutowa, E.D.Kapua, N.A.Rimskiý-Korsakow ýaly meşhur kompozitorlaryň aýdymlary we sazlary ýaňlandy. Şeýle hem konsert maksatnamasynda Moskwanyň N.Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» halkara sungat festiwalynyň art-direktory, kompozitor M.Güseýnowyň öz döreden aýdymlary we sazlary ýer aldy.

Özleriniň opera aýdymlary bilen opera aýdymçysy, Moskwanyň «Gelikon-opera» sazly teatrynyň artisti D.Guseýnowa hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy, Ž.Saýan çykyş etdiler.

Konsert ýokary derejede geçdi hem-de Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda medeni gatnaşyklar ulgamynda hyzmatdaşlygyň barha ilerleýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň