Türkmenistan FIFA-nyň täzelenen reýtingindäki ýerini bildi

14:5104.04.2024
0
23783

Şu gün ― 4-nji aprelde FIFA milli ýygyndylaryň aýlyk reýting sanawyny täzeledi.

Täze sanawda ozalkysyndan iki basgançak ýitiren Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 143-nji orna düşdi.

Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda Özbegistan 64-nji, Täjigistan 99-njy, Gyrgyzystan bolsa 100-njy orny eýeleýär.

Geçen aýda türkmen ýygyndysynyň bir ýoldaşlyk duşuşygyny we iki resmi duşuşygy geçirendigini ýatladýarys. Bu duşuşyklaryň ählisinde-de Mergen Orazowyň şägirtleri garşydaşlaryndana asgyn geldiler.

Reýting barada aýdylanda bolsa, onuň başyny heniz hem Argentinanyň ýygyndysy çekýär. Ikinji orunda Fransiýa, üçünjilikde Belgiýa, dördünji orunda bolsa Angliýa bar. Şeýle hem ilkinji onluga Braziliýanyň, Portugaliýanyň, Niderlandlaryň, Ispaniýanyň, Italiýanyň we Horwatiýanyň ýygyndylary girýär.

FIFA-nyň reýtinginiň 210 ýygyndyny öz içine alýandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň