Turkmenportal logo
04.04.24
1597415974
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenistan: Sport» «Çelsi» ― «Mançester Ýunaýted» duşuşygyny göni ýaýlymda görkezer
«Türkmenistan: Sport» «Çelsi» ― «Mançester Ýunaýted» duşuşygyny göni ýaýlymda görkezer

4-nji aprelde Premýer-liganyň 31-nji tapgyrynyň «Çelsi» ― «Mançester Ýunaýted» oýny bolar. Oýun Aşgabat wagty bilen 00:10-da başlar. «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy duşuşygy göni efirde görkezer.


Iki klub hem kyn günleri başdan geçirýär, möwsümiň ahyrynda olaryň ikisine-de ilkinji dörtlüge girmek başartmasa gerek. «Çelsi» çuňňur bataklyga sezewar boldy ― ýeňilmezlik tapgyryna garamazdan, «gökler» sanawda bary-ýogy 12-nji orny eýeleýär. Londonlylar 2020-nji ýyldan bäri «Mançester Ýunaýted» bilen geçiren duşuşyklarynda ýeňiş gazanyp bilmediler.


29 tapgyrdan soň London kluby bary-ýogy 40 utuk gazandy. Soňky tapgyrda Maurisio Poçettinonyň topary «Börnliniň» meýdanynda janköýerleriň lapykeçligine sebäp bolan şowsuzlyga uçrady (2:2).


«Mançester Ýunaýted» altynjy orunda barýar, ýöne topar bilen ilkinji bäşligiň arasyndaky tapawut diýseň uly ― 9 utuk. Soňky 10 oýunda «Gyzyl şeýtanlar» Premýer-ligada iki gezek ýeňlişe sezewar boldy. Iki duşuşykda-da öýünde asgyn geldi ― «Fulhemden (1: 2) we «Mançester Sitiden» (1: 3).