Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan 2023-nji ýylda Gazagystana eksportyny 17,4 göterim artdyrdy

11:1803.04.2024
0
8706

2023-nj ýylda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 563 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkeziji 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 28,3 göterim köpdür. Iki ýurduň arasyndaky özara söwdanyň umumy bahasy 397,1 million amerikan dollara, umumy agramy 714,1 müň tonna deň mukdary Gazagystanyň Türkmenistana eden eksportynyň paýyna düşýän bolsa, umumy bahasy 165,8 millon amerikan dollara, umumy agramy 73,7 müň tonna deň bölegi Türkmenistanyň Gazagystana eden eksportyndan ybaratdyr.

Hasabat döwründe Gazagystandan Türkmenistana, esasan, kompýuterler we noutbuklar (36,8 müň sany, 2,4 esse ýokary) mikrotolkunly peçler, suw gyzdyryjylar we elektrik peçleri (17,4 müň sany, 3,4 esse ýokary) hem-de bugdaý (540 müň tonna, 1,6 esse ýokary), un (42,5 müň tonna, 10,7 göterim peseliş), eksport edilipdir.

Türkmenistanda Gazagystana bolsa, esasan, 405,5 million kub metrlik tebigy gaz (10,2 göterim ösüş), 24,4 müň tonna kir ýuwulýan soda we ýuwujy serişdeler (7,2 esse ýokary), 35,5 müň tonna pomidor (13,8 göteri ýokary), şeýle-de 71 müň sany unitaz, rakowina ýaly keramikadan ýasalan santehnika harytlary (1,9 esse ýokary) eskport edildipdir.

Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylda Gazagystanyň Türkmenistana eksporty 34,7 göterim, Türkmenistanyň Gazagystana eksporty bolsa 17,4 göterim ýokarlanypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň