Turkmenportal logo
03.04.24
62626262
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň jandarlar, ösümlikler görnüşi köpelýär
Surat: tdh.gov.tm

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň hünärmenleriniň, ylmy işgärleriniň ýakynda tamamlan ýyl ýazgysy goraghana degişli çäklerde dürli jandarlaryň, guşlaryň we ösümlikleriň görnüşleriniň köpelýändigini görkezdi.


«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, 2023-nji ýylyň netijelerine görä taýýarlanylan ýyl ýazgysynda çäkde guşlaryň görnüşleriniň 265-e, ösümlikleriň görnüşleriniň bolsa 227-ä ýetendigi mälim edildi. Bu goraghananyň esasy baýlyklarynyň biri bolan sugunlaryň sany bolsa 130-a golaýlady.


Habarda bellenilişi ýaly, goraghananyň hünärmenleri tarapyndan onuň çäginde haýwanlaryň sanyny we görnüşini anyklamak, ösümlikler barada maglumatlary toplamak hem-de bolup geçýän tebigy hadysalary öwrenmek boýunça ylmy-gözegçilik işleri yzygiderli amala aşyrylýar.


Alnyp barylýan işleriň netijesinde, Amyderýanyň iki kenaryndaky jeňňelliklerde we ümmülmez sähralarda düşläp geçýän guşlaryň sanynyň ýyldan-ýyla artmagy guwandyryjy ýagdaýdyr diýlip, habarda bellenilýär.