Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen ÝUNKTAD-yň arasynda sanlylaşdyrmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy

08:1303.04.2024
0
7262

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary bilen BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň sebitleýin utgaşdyryjysy Dmitriý Godunowyň arasynda bolan duşuşykda ýurtda «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň metbugat gullugy habar berdi.

Konsepsiýasynyň birinji tapgyrlarynyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan ASYCUDA elektron deklarirleme üstünlikli durmuşa geçirildi, ikinji tapgyryň çäginde Eksport-import amallary üçin bir penjire ulgamyny işe girizmek boýunça işler alnyp barylýar.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň üçünji tapgyrynyň çäginde hem Türkmenistanda gümrük edaralaryny sanlylaşdyrmagyň üçünji tapgyryny amala aşyrmak teklip edilýär.

Şunuň bilen baglylykda, duşuşyda taraplar BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy tarapyndan taýýarlanan Türkmenistanda gümrük edaralaryny sanlaşdyrmagyň üçünji tapgyry boýunça teklipleri ara alnyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň