Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan zenan dzýudoçylaryň arasynda Uly tuwulga ýaryşlaryndaky ilkinji medalyny gazandy

10:2201.04.2024
0
13053

Türkmenistanly dzýudoçy Maýsa Perdäýewa Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen Uly tuwulga ýaryşynda üstünlikli çykyş etdi. Ezber türgen gyz bu ýaryşda hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň ýazmagyna görä, 57 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Maýsa 33 ülkä wekilçilik eden 44 türgeniň arasynda saýlanmagy başardy. 19 ýaşly talyp türgen bürünç medala barýan ýolda bäş ýeňiş gazandy.

Halkara ýaryşlarda ozal hem birnäçe üstünligi bolan ildeşimiz üçünji orny fransiýaly Faize Mokdar bilen paýlaşdy. Bu agram derejesinde altyn medaly dünýäniň iki gezek çempiony, kanadaly türgen Kriste Deguçi, kümüş medaly bolsa geçen ýyl Abu-Dabi we Tokio şäherlerinde geçirilen Uly tuwulga ýaryşynyň çempiony, braziliýaly dzýudoçy Jessika Lima gazandy. Antalýadaky ýaryşda altyn medalyň eýesine 4 müň, kümüş medal gazanan türgene 2 müň 400, bürünç medal gazanan dzýudoça bolsa 1 müň 200 ýewro pul baýragy berildi.

Şeýlelikde, Maýsa Perdäýewa Dünýä çempionatyna we Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin utuk berýän abraýly ýaryşlarda medal gazanan türkmenistanly türgenleriň ikinjisi boldy. Geçen ýylyň dekabr aýynda türkmenistanly dzýudoçy Hekim Agamämmedow hem Tokio Uly tuwulga ýaryşynda 66 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medal gazanypdy.

Zenan babatynda aýdylanda bolsa, Maýsa Perdäýewiň Uly tuwulgalarda medal gazanan ilkinji türkmenistanly zenan türgen bolandygyny aýtmak gerek. Mundan ozal bu tapgyrda iň ýokary netijäni 2014-nji ýylda Baku Uly tuwulgasynda Gülbadam Babamyradowa görkezip, ol ilkinji bäşlige girmegi başarypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň