«Arkaç» söwda merkezinde «Hilli» lýustra we yşyklandyryş enjamlarynyň üçünji dükany açyldy

17:2626.03.2024
0
19176

«Arkaç» söwda we dynç alyş merkezinde «Hilli» lýustra we yşyklandyryş enjamlarynyň üçünji dükanynyň açylyşy boldy.

Täze dükanda önümleriň Ýewropa stilindäki häzirki zaman modelleriniň giň görnüşi hödürlenýär: lýustralar, bralar, spotlar, şeýle hem öý, ofis we köpçülik ýerleri üçin niýetlenen beýleki yşyklandyryş enjamlary.

«Hilli» diňe meşhur brendleriň ýokary hilli yşyklandyryş enjamlaryny hödürleýär. «Hilli» dükanynyň önümleriniň ählisine 2 ýyldan 3 ýyla çenli kepillik berilýär. Dükanlar satyn alnan harytlary Aşgabat şäheriniň islendik ýerine mugt eltip bermek hyzmatyny ýerine ýetirýärler.

«Hilli» yşyklandyryş dünýäsiniň soňky tendensiýalaryndan hemişe habarlydyr. Biziň maslahatçy hünärmenlerimiz siziň öýüňiziň interýerine doly kybap geljek yşyklandyryjy önümleri saýlamaga giňden kömek ederler» — diýip, dükanlar torunyň wekili belleýär.

Täze dükan Aşgabatdaky «Arkaç» söwda we dynç alyş merkeziniň 0-njy gatynda (№28) ýerleşýär.

Şeýle-de «Hilli» dükanlaryna şu salgylar boýunça baryp bolýar:

  • G.Kulyýew köçesi (ozalky Obýezdnoý), «Hilli hyzmat» binasy;
  • G.Kulyýew köçesi, Bedew ýaşaýyş toplumy, 2-nji jaý.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 53 55 22, 50 85 80, 60 01 98. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň