Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabadyň pamyk egriji kärhanasynda 900 müň tonnadan gowrak önüm öndürildi

09:3623.03.2024
0
6095

Türkmenabadyň pamyk egriji kärhanasynda ýylyň başyndan bäri nah ýüplügiň 929,5 tonnadan gowragy öndürildi. Bu görkeziji fabrikde şu ýylyň geçen iki aýynda önüm öndürmek boýunça meýilnamanyň 104 göterime golaý berjaý edilendigine şaýatlyk edýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, taýýar görnüşdäki fiziki agramy bir kilograma barabar bolan nah ýüplügiň 34/1 belgili görnüşi has geçginli önümleriň hatarynda orun alýar. Ol ýokary hilliligi, inçeligi bilen tapawutlanýar.

Şeýlelikde, bu görnüşdäki nah ýüplük ýurduň dokma toplumlary we daşary ýurtly sargytçylar tarapyndan ýokary islegden peýdalanýar. Önümçilik düzüminde nah ýüplügi sargytçylara wagtynda we ýokary hilli taýýarlap, bökdençsiz ýetirmek üçin işçi-hünärmenleriň 150-ä golaýy gije-gündiziň dowamynda üç iş çalşygynda tutanýerli zähmet çekýär.

Kärhananyň önümleri ýurduň önüm öndürijilerine hem-de Russiýa Federasiýasyna, Türkiýe we Belarus Respublikalaryna eksport edilýär diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň