Penşenbe güni — 21-nji martda Tähran şäherinde DÇ-2026 ýaryşynyň ikinji saýlama tapgyrynyň üçünji aýlawynyň duşuşygy geçirilip, onda Eýran Türkmenistanyň milli ýygyndysyny kabul eder. Bu barada «Turkmenportal» web saýty habar berdi.
Eýran — Türkmenistan duşuşygy Aşgabat wagty bilen sagat 21:00-da başlanar we «Persiana Sports» teleýaýlymynda teletomaşaçylara ýetiriler. Futbol duşuşygynyň «Türkmenistan Sport» teleýaýlymy arkaly hem alnyp görkezilmegine garaşylýar.
Duşuşyga ýaponiýaly eminler topary eminlik eder. Oýnuň baş emini FIFA-nyň 37 ýaşly emini Ýusuke Araki bolar.
DÇ-2026 ýaryşynyň saýlama tapgyrynda geçirilen iki aýlawdan soň, Türkmenistanyň milli ýygyndy topary «E» toparçada dört toparyň arasynda üçünji orny eýeleýär.
Ýatladyp geçsek, ýaryşyň saýlama tapgyrynyň birinji duşuşygynda türkmen futbolçylar öz meýdançasynda Özbegistanyň ýygyndysyndan 1:3 hasabynda asgyn gelen bolsalar, ikinji duşuşygy myhmançylykda Gonkongyň ýygyndy toparyna garşy geçirip, 2:2 hasap bilen deňme-deň oýnadylar.