Soňky habarlar

Arhiw

«Garagum Ulag» kompaniýasy «Toyota-nyň» ýokary standartlaryna laýyk gelýändigini nobatdaky gezek tassyklady

17:0418.03.2024
0
19739

«Toyota» kompaniýasynyň üstünliginiň syry ýönekeý: yzygiderli kämilleşmek we berk hil gözegçiligi. Munuň özi müşderileriň «Toyota» önümleriniň ygtybarlylygyna we uzak wagt hyzmat etjekdigine ynanyp biljekdigini aňladýar.

Hyzmatlaryň standartlaryna we hiline laýyklyk babatda her ýyl geçirilýän auditiň çäklerinde «Toyota» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi dilerlik merkezi «Garagum Ulag» kompaniýanyň wekiliýetini kabul etdi. Onuň düzümine aşadakylar girýär:

Jenap Satio Ýoşida. «Toyota Motor Corporation» kompaniýasynyň daşary ýurt bazary toparynyň menejeriniň kömekçisi.

Jenap Rio Hasegawa, «Toyota Central Asia FZE» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji utgaşdyryjysy.

«Toyota Central Asia FZE» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory jenap Içihira Daýsuke.

Birnäçe günüň dowamynda «Garagum Ulag» dilerlik merkezi myhmanlara hödürlenýän hyzmatlaryň ähli görnüşleri barada hasabat berdi.

Her ýylda geçirilýän audit – kompaniýanyň «Toyota-nyň» ýokary standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklamaga mümkinçilik berýän möhüm guraldyr» diýip, «Garagum Ulagyň» wekili belledi.

«Garagum Ulag» kompaniýasy 2009-njy ýyldan bäri «Toyota» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi dileridir.

«Garagum Ulag» HJ-niň ýerleşýän salgysy: Aşgabat, Oguzhan (öňki Aýtakow) köç., 7/A. Kompaniýanyň sosial ulgamlardaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň