Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Arkaç» atly täze söwda-dynç alyş merkezi açyldy

07:5118.03.2024
1
48024

Şu gün Aşgabat şäherinde «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi açyldy. Onuň açylmagy bilen bu ýerde ýüzlerçe täze iş orunlary döredildi. Täze toplum işewürlik durmuşynyň jemlenýän ýene bir merkezine, guramaçylykly lomaý we bölek söwda amallarynyň ýerine ýetirilýän künjegine öwrüler.

Jemi 4,7 gektar çäkde ýerleşýän işewürlik merkezli we ýerasty awtoduralgaly «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi birnäçe köpugurly desgalary hem-de merkezde ýerleşýän 3 gatly binasy bilen bitewi binagärlik sazlaşygyny özünde jemleýär. Bu desgalar häzirki zaman inžener-tehniki çözgütlere laýyklykda hem-de ekologiýa taýdan arassa gurluşyk serişdeleriň binýadynda gurlup ulanmaga berildi.

Toplumyň çäginde ýerleşýän 55 müň 377 inedördül meýdany bolan söwda-dynç alyş merkeziniň düzümine köp sanly desgalar, şol sanda harytlaryň we hyzmatlaryň giň görnüşlerini hödürleýän supermarket, dükanlardan başga-da, oýun meýdançalary, kinozal, oýun awtomatly çagalar dynç alyş şäherçesi, restoran we kafe, şeýle hem Toý mekany we beýlekiler bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň