Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we GIZ söwda amallaryny ýönekeýleşdirmekde hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

17:2414.03.2024
0
15416

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň GIZ-iň «Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek» sebitleýin taslamasynyň başlygynyň orunbasary A.Uzagaliýewa bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk hanym A.Uzagaliýewanyň GIZ-iň her ýylky meýilnamalaşdyryş çäresine gatnaşmak üçin Türkmenistana iş saparynyň çäginde geçirildi. Duşuşyga GIZ-iň Türkmenistandaky wekili Ahmetýar Kulow hem gatnaşdy. Bu barada Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.

2024-nji ýylyň 13-nji martynda bolan duşuşygyň barşynda «Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek» taslamasynyň Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda we Özbegistanda ýerine ýetirilişi barada gürrüň berdi. Umumy bahasy 7 million ýewro bolan bu taslama geçen ýylyň dekabr aýynda tamamlandy. Taslama Germaniýanyň Federal Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş ministrligi tarapyndan maliýeleşdirilip, onuň çäginde agzalyp geçilen ýurtlaryň degişli ministrliklerine Bütindünýä Söwda Guramasynyň ylalaşygyny ýerine ýetirmek hem-de söwda amallaryny standartlaşdyrmak, ýönekeýleşdirmek we sanlylaşdyrmak boýunça ýardam berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň maksady «Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek» sebitleýin taslamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň