Türkmenistanyň Prezidenti Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

11:5213.03.2024
0
38369

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň gündogar sebitine iş saparyny amala aşyryp, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Iri önümçilik kärhanasy täze iş orunlaryny döretmek bilen bir hatarda, ýurduň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine hem gönüden-göni täsirini ýetirdi.

Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäherinden 350 kilometr uzaklykda ýerleşýän kärhanada geçen ýyllaryň dowamynda ýokary berklige eýe bolan sementiň uly isleg bildirilýän görnüşleri öndürilip gelinýär.

“Türkmen Enjam” hojalyk jemgyýeti tarapyndan birinji Lebap sement zawodynyň golaý çäginde gurlup ulanmaga berlen iri senagat kärhanasy häzirki zaman senagat önümçiliginiň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýär.

Ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen täze zawodda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary hil ölçeglerine laýyk gelýän enjamlary ornaşdyryldy.

Ähli önümçilik işleriniň doly awtomatlaşdyrylmagynyň üpjün edilmegi we zawodyň işgärleriniň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleriň döredilmegi bu taslamany durmuşa geçirmekde esasy ugur alnan ýörelge boldy.

Önümçiligiň ekologiýa taýdan arassa we daşky gurşawy goramagyň ähli zerur kadalarynyň berjaý edilmegi ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň gurluşygynda möhüm we hökmany şertleriň bir hökmünde çykyş edýär.

Hasaplamalara görä, önümçilik işinde bölünip çykýan zyýanly galyndylaryň möçberi rugsat edilýän derejeden hem ep-esli azdyr. Howa goýberilýän tozanlary toplamak we arassalamak üçin kuwwatly süzgüç ulgamlary ulanylýar.

Bar bolan mümkinçilikleri doly güýjünde ulanmak we mähriban topragymyzyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklarynyň baý gorlaryny netijeli ulanmak wezipelerini hasaba almak bilen, zawod önümçilikde zerur bolan çig malyň esasy görnüşleriniň uly ätiýaçlyklarynyň baý sebitinde guruldy we ol bu baýlyklaryň gazylyp alynýan ojaklaryna golaý çäkde ýerleşýär.

Munuň özi önümçilik işini bökdençsiz alyp barmaga we öndürilýän önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmäge mümkinçilik berer.

Önümçilik işine, öndürilýän önümiň hiline gözegçiligi amala aşyrmak üçin täze zawodda barlaghana we tehniki gözegçilik bölümi döredildi. Mundan başga-da, bu ýerde abatlaýyş ussahanasy hem hereket eder.

Bularyň ählisi Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ýurtdaky her bir desganyň gurluşygy üçin zerur bolan gurluşyk serişdesiniň ykdysady taýdan bähbitli we ekologiýa taýdan howpsuz ýokary önümçiligini üpjün etjekdigini tassyklaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň